Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

21:5223.06.2023
0
27412
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol alnyp barylýan işler, şol sanda milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahatynyň jemleri barada maglumat berdi.

Döwlet Baştutany ýurtda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny üpjün etmegiň, milli parlamentiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra mejlisiň barşynda wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutanyna 2022-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri barada hem hasabat berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow orta we uzak möhletleýin geljek üçin durmuş-ykdysady döwlet syýasatynda peýdalanmak maksady bilen, agzalan ýazuwda toplanan maglumatlary ýene-de bir gezek içgin öwrenmegiň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutany wise-premýer H.Geldimyradowa bu babatda şu ýylyň 6 aýynyň jemleri boýunça geçiriljek giňişleýin Hökümet mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Şeýle-de mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti käbir resminamalara, şol sanda «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen bagly Karara hem gol çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutany «Türkmengaz» döwlet konserniniň degişli düzümlerini häzirden gyş möwsümine taýýar etmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýer B.Amanowa anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň