Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Baş Assambleýasy maý aýynda Aşgabatda geçirilen halkara maslahatlaryň netijelerini resmi dillerinde neşir etdi

10:3121.06.2023
0
28049

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2023-nji ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen halkara maslahatlaryň netijelerini guramanyň alty resmi dilinde neşir etdi.

Olar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň resmi resminamalary hökmünde çap edildi. Olara şu aşakdakylar degişli:

  • 2023-nji ýylyň 3—4-nji maýynda Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş — 2023» maslahatynyň jemleýji Beýannamasy;
  • ÝHHG-niň 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Aşgabatda geçirilen «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we gepleşikleri güýçlendirmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara maslahatynyň jemleýji Beýannamasy.

Öň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen parahatçylyk medeniýetini ösdürmek boýunça ýyllyk rezolýusiýany kabul edendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň