Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň ýaşaýjylary «Çapar» ykjam programmasy arkaly ýol hereketiniň düzgünlerini bozandygy üçin jerimeleriň bardygyny barlap we töläp bilerler

10:3616.06.2023
0
35930

Ýol hereketiniň düzgünlerini bozandygy üçin jerimeleriň bardygyny barlamak we ony tiz tölemek üçin Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «Çapar» ykjam programmasyny ulanmak ýeterlikdir.

Programmanyň esasy sahypasynda «PÝGG jerimeler» bölümini saýlamaly we açylýan menýudaky «Jerimeler» düwmesine basmaly. Ondan soň awtoulagyň belgisinde ýazylyşy ýaly ähli harplary we sanlary görkezip, awtoulagyň hususy hasaba alyş belgisini girizmeli.

Alnan jerimäni menýudan saýlap, ony derrew bank karty ýa-da ykjam telefonyň hasaby arkaly tölemek mümkindir.

Ýatlatsak, «Çapar» ykjam programmasynda beýleki peýdaly hyzmatlary hem peýdalanmak mümkindir, mysal üçin, çapary çagyrmak, jemagat hyzmatlarynyň töleglerini tölemek, ykjam telefonyň balansyny doldurmak we ş.m.

«Çapar» ykjam programmasyny «App Store-dan» we «Google Play-den» ýükläp alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň