Soňky habarlar

Arhiw

«Çapar» ykjam programmasynyň ulanyjylaryna Türkmenistandaky ähli guramalaryň habarlaşmak üçin maglumatlary elýeterlidir

10:1811.05.2023
0
36334

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köp maksatly «Çapar» ykjam programmasynyň «Maglumathana» bölüminde dürli ugurlar boýunça giň gerimli maglumat almak mümkindir.

Telefon maglumathanasy ulanyjylar üçin Türkmenistanyň kärhanalarynyň we guramalarynyň telefon belgilerini onlaýn görnüşde elýeterlilik mümkinçiligini döredýär. Ykjam programmadaky ähli maglumatlar soňky ýyllarda telefon belgilerine we kodlara girizilen ähli üýtgeşmeler göz öňünde tutulyp ýerleşdirilendir. Islendik telefon belgisine gönüden-göni ykjam programmadan jaň etmek mümkindir.

Ulanyjylar sowal-jogap we heläkçilik gulluklarynyň, döwlet we etrap guramalarynyň, tiz kömek gulluklarynyň, howa menzilleriniň, myhmanhanalaryň, kafeleriň, otelleriň we beýlekileriň belgilerini alyp bilerler.

Şeýle hem «Maglumathana» bölüminde Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň dolandyryş merkezleriniň, şeýle hem ýurduň ilatly nokatlarynyň poçta bölümleriniň maglumatlary (salgysy, belgisi) ýerleşdirilendir.

Ýatlatsak, ykjam programma «Google Play-de» we «App Store-de» ýükläp almak üçin elýeterlidir. Şeýle-de onuň kömegi bilen «Türkmenpoçtanyň» çaparyny çagyrmak we ýollamalary yzarlamak, gaz, suw, elektrik energiýasy, «Älem TV» hemra teleýaýlymy we «Belet Film» onlaýn kinoteatry üçin tölegleri, ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy sebäpli jerimeleri tölemek, ykjam we öý telefonlarynyň, internetiň, kabel telewideniýesiniň we IPTV-niň hasabyny doldurmak mümkindir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň