Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi

23:4512.06.2023
0
18397

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 43-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, döwlet Baştutanynyň gol çeken Permany bilen:

  • Döwran Jumamyradowiç Hanow Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, ol şol kazyýetiň prezidiumynyň düzümine girizildi we Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
  • Şamyrat Hožamuradowiç Gummanow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenip, ol Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy;
  • Bahargül Rahmetkulyýewna Kadyrowa Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi;
  • Laçyn Saparmuhammedowna Amanjaýewa Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
  • Gülşirin Astanoglyýewna Ýazhanowa Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;
  • Amanmuhammet Amanberdiýewiç Işangulyýew, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
  • Şirin Kakajanowna Jumaýewa, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy;
  • Abdybaý Orazow, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy;
  • Döwlet Orazgulyýewiç Alowow, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy;
  • Gurbandurdy Öräýewiç Annaýew, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
  • Güljan Jorakulyýewna Babanazarowa, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
  • Geldimurad Ýoldaşowiç Rozyýew, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
  • Jemşit Hesenowiç Hesenow, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Baýramaly şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy;
  • Öwezmyrat Sapargeldiýewiç Bäşimow Ahal welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň