Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 800-den gowrak mekdep okuwçysy Awazada dynç alýar

12:4807.06.2023
0
26491

Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 876 mekdep okuwçysy Awazada dynç alar. Ahal, Balkan, Mary welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden çagalaryň 676-sy Aşgabat — Türkmenbaşy otlusy bilen, çagalaryň 200-sy bolsa Daşoguz we Lebap welaýatlarynda geldiler.

«Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berlişi ýaly, çagalary Türkmenbaşy şäheriniň, Awaza etrabynyň we çagalar saglyk merkezleriniň ýolbaşçylary mähirli garşy aldylar.

Çagalary Awazada ýerleşdirmek boýunça guramaçylyk çärelerinden soň ähli sagaldyş merkezlerinde dabaraly duşuşyklar we dynç alyş agşamlary geçirildi.

Kärdeşler arkalaşygynyň «Daýanç» sagaldyş merkezinde Türkmenbaşy şäheriniň Medeniýet merkeziniň sungat ussatlarynyň konserti boldy, oňa bu saglyk şypahanasynda dynç almaga ýerleşdirilen çagalaryň 279-sy hem gatnaşdy.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, çagalar üçin ýörite awtobuslarda akwaparka, merkeziň gözel ýerlerine, muzeýlere gezelençler amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň