Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Miniboss we Bigboss — 2023» Milli Çempionaty geçiriler

15:2501.06.2023
0
19541

«MiniBoss» we «BigBoss» işewürlik mekdebi hem-de onuň resmi wekili bolan «Iş nokady» kompaniýasy Türkmenistanda «Miniboss we Bigboss — 2023» Milli Çempionatynyň geçirilýändigini habar berýärler.

Çempionatda «MiniBoss» we «BigBoss» işewürlik mekdebiniň öwrenijileri startaplaryň Forumynda iň gowy diýlip saýlanan taslama işlerini hödürlärler. Çempionatyň çäklerinde ýaş işewürleriň doly işlenen taslamalaryna tejribeli telekeçiler, top-menejerler hem-de Türkmenistanyň görnükli işewürleri baha bererler.

10-njy iýunda geçiriljek Türkmenistanyň «Miniboss we Bigboss — 2023» Milli Çempionatyna isleg bildirýänleriň ählisi çagyrylýar. Gatnaşmak üçin arzalary şu salgylanmadan, şeýle-de (+993 12) 46 81 65 telefon belgisine jaň edip tabşyryp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň