Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Syýasy maksadalaýyklyk Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy

21:5430.05.2023
0
36397

Tährana iş saparynyň barşynda, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk Geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny mübärekläp hem-de Eýrana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň durmuş-ykdysady ösüşde Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gazanan we häzirki döwürde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanmagyny dowam edýän üstünliklerine Eýranda tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli kabul edilendigi hem-de Eýrana sapar bilen gelmäge çakylyk we myhmansöýerlik üçin Sadek Larijana türkmen wekiliýetiniň adyndan we öz adyndan minnetdarlyk bildirip, açyklyk we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan şeýle ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň esasy şertleri hökmünde çykyş edýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn, şeýle hem iri halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimi boýunça pikir alşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de EYR-nyň Syýasy maksadalaýyklyk Geňeşiniň Başlygy türkmen-eýran gatnaşyklaryny ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça ösdürmegiň möhümdigi barada aýdyp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we has ýokary derejelere çykarmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şeýle hem sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň Hazar deňzi bilen bagly meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda sebit ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň netijeleri boýunça gazanylan anyk ylalaşyklaryň möhümdigi bellenildi.

Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Ulag, nebitgaz we elektroenergetika ýaly, iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategik taýdan ähmiýetli ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenildi. Bu ugurlarda oňyn netijeleriň we öňegidişlikleri gazanmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk Geňeşiniň, şeýle hem iki ýurduň parlamentleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň doganlyk Eýran Yslam Respublikasy bilen medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Taraplaryň özara gatnaşyklary, hususan-da, ylym-bilim, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlarynda hem-de welaýatlaryň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy bellenildi.

Söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanda Arkadag şäheriniň gurlandygy baradaky habary uly guwanç bilen kabul edendigini aýdyp, bu şäherde metjidiň we medresäniň gurulmagynyň sogap iş bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döwletleriň arasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň maksada laýykdygyny belläp, EYR-nyň Syýasy maksadalaýyklyk Geňeşiniň Başlygyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadek Amoli Larijani hoşlaşanlarynda, Türkmenistanyň we Eýranyň halklaryna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk Geňeşiniň Başlygy sowgatlary alyşdylar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň