Top.Mail.Ru

Arhiw

Eýran Türkmenistan bilen göni gaz importy barada gepleşik geçirýär

20:4930.05.2023
0
23860

Eýran «swap» görnüşli gaz çalşygyndan başga-da, göni gaz iberilişi meselesinde Türkmenistan bilen gepleşik geçirýär. Bu barada Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň baş direktory Majid Çegani tarapyndan mälim edildi.

Majid Çegani «ISNA» bilen söhbetdeşlikde Türkmenistandan göni gaz importynyň geljegi barada gürrüň berdi.

«Bu mesele meýilnamamyzda bar we biz bu babatda gepleşik geçirýäris» diýip, Çegani belleýär.

Çeganiniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Eýran «swap» görnüşli gaz çalşygynyň çäginde günde 10 million kub metr gaz alýar.

Nebit we gaz ministriniň orunbasary Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň 2022-nji ýylda Azerbaýjanyň «SOCAR» kompaniýasy bilen alyş-çalyş şertnamasy boýunça tebigy gaz import edip, Türkmenistandan gaz importyny dikeltmegi başarandygyny aýtdy.

Birnäçe gün ozal Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) toplumlaýyn meýilnamalaşdyryş müdiri Hosseýn-Ali Mohammad-Hosseýni Türkmenistandan «swap» gazynyň möçberiniň iki esse artandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň