Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýrana sapary başlandy

11:3130.05.2023
0
36240
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýrana sapary başlandy
Surat: Ana.press

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, Tähran şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Eýranyň resmi adamlary hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow EYR-nyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler.

Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamynda iki döwletiň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagynda, şeýle hem özara düşünişmek esasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin zerur tagallalaryň ediljekdigi bellenildi hem-de köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň