Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» dükanlary tomusky arzanladyş möwsümini yglan edýär

09:0028.05.2023
0
48564

«Röwşen» hususy kärhanasynyň aýakgap dükanlarynda 1-nji iýundan başlap hakyky deriden öndürilýän erkek, zenan hem-de çaga aýakgaplarynyň käbir görnüşlerine arzanladyş yglan edilýär.

Tomus paslynyň ilkinji gününden «Röwşen» haryt nyşanynyň dükanlarynda uly ýaşlylar we çagalar üçin niýetlenen aýakgaplary 150 hem-de 350 manatdan satyn almak bolýar. «Röwşen» dükanlarynda elýeter bahalardan ýetirilýän amatly hem-de ýokary hilli aýakgaplara türkmen alyjylary uly isleg bildirýärler.

— Oňaýlylyk, köptaraplaýynlyk hem-de döwrebap stil — «Röwşen» aýakgaplarynyň esasy tapawutly ýeri – diýip, kärhananyň hünärmeni belleýär. Bu aýakgaplaryň ählisi tebigy deriden taýýarlanylýar. Mundan başga-da, biz aýakgap modasynyň häzirki zaman ugurlaryny we stilleri nazarda tutup, önümlerimiziň haryt görnüşini her möwsümde täzeläp durýarys.

«Röwşen» aýakgaplaryny Aşgabatda ýerleşýän şu salgydaky dükandan satyn alyp bilersiňiz: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 jaý («Gadamly» binasy). Goşmaça maglumat üçin telefon belgileri: (+993 12) 21 63 06, (+993 64) 14 14 19. Şeýle-de dükan satyn alnan harydy Aşgabat şäheriniň çägine tölegsiz eltip berýär.

Arzanladyşlar «Röwşen» kärhanasynyň Türkmenistandaky ähli dükanlarynda yglan edilýär.

Türkmenistanyň beýleki welaýatlarynda ýerleşýän «Röwşen» dükanlarynyň salgylary:

  • Änew: (+993 62) 79 01 16;
  • Tejen: (+993 63) 51 10 55;
  • Mary: (+993 522) 7 30 15;
  • Ýolöten: +(993 63) 06 47 78;
  • Balkanabat: (+993 63) 28 32 05;
  • Türkmenbaşy: (+993 65) 89 52 55;
  • Daşoguz: (+993 62) 79 01 16;
  • Türkmenabat: (+993 63) 79 74 88;
  • Kerki: (+993 62) 67 05 19.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň