Türkmen wekiliýeti Latwiýa Respublikasynda iş saparynda bolar

22:5326.05.2023
0
25480

Şu ýylyň 12 — 16-njy iýuny aralygynda Latwiýa Respublikasynda Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk işleri hakynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde ýurduň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak boýunça ýerine ýetirilýän işler baradaky hasabatynyň çäginde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek, TRACECA halkara üstaşyr ulag geçelgesini ösdürmegiň mümkinçiliklerine degişli meseleleriň giň toplumyna garamak göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, ýurduň bar bolan ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagyna işjeň gatnaşýandygyny belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň