Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, mejlisde käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde, ilki bilen, wise-premýer H.Geldimyradowa söz berildi. Ol Arkadag şäheriniň ýerli býujetini düzmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Soňra mejlisiň barşynda beýleki wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, degişli ugurlar boýunça türkmen wekiliýetleriniň daşary ýurtlara guraljak saparlaryna görülýän taýýarlyk, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany oňa gatnaşyjylara ýüzlenip:
— 28-nji maýda ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramyny giňden belläp geçeris. Berkarar döwletimizde halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek, gadymy halylaryň asyl nusgalaryny dikeltmek üçin zerur işler geçirilýär.
Hormatly adamlar, mähriban halyçylar! Sizi Türkmen halysynyň ýetip gelen baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, işde we durmuşda uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Goý, çeper elli halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp dursun! — diýip belledi.