Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» HK Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän sergä gatnaşýar

16:5024.05.2023
0
17325

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda «Ak şäher Aşgabat» atly iki günlük köpugurly halkara sergi işine başlady. Bu sergä türkmen hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň 140-sy gatnaşýar.

Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda özüniň ýeňil senagatda taýýarlaýan ajaýyp önümleri bilen ýurduň ykdysady üstünliklerine goşant goşýan «Röwşen» aýakgap kärhanasy hem önümlerini tanyşdyrýar.

Kärhananyň sergide hödürleýän aýakgap nusgalaryna türkmen alyjylary tarapyndan giňden isleg bildirilýär. «Röwşen» aýakgap kärhanasynyň önümleri köplenç ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergilerinde yzygiderli görkezilýär we hemişe ony synlaýan myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Kärhananyň «Ak şäher Aşgabat» sergisinde hödürlän haryt görnüşinde bolsa erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň aýakgaplarynyň ajaýyp nusgalary bar. «Röwşen» kärhanasynyň aýakgap önümleriniň ählisi ýokary hilli hakyky deriden taýýarlanylýar.

«Röwşen» HK ýurduň gurluşyk bazarynda hem eýýäm 7 ýyl bäri iş alyp barýar. Bu wagtyň dowamynda kärhana paýtagtda hem-de welaýatlarda durmuş maksatly binalardyr desgalaryň birnäçesiniň taslamalaryny durmuşa geçirdi. Olrdan «Röwşen» HK tarapyndan gurlan Balkan we Daşoguz welaýatlarynda iri gerimli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen «Türkmeniň ak öýi» binalaryny, Aşgabadyň golaýynda 2 müň tonna gök önümi saklamaga niýetlenen hem-de Ahal welaýatynda ýurduň oba hojalyk ministrligi üçin bu hili ammary, Mary welaýatynyň Şatlyk şäherinde 300 orunlyk metjidi, türkmen paýtagtynda ýaşaýyş jaýlaryny we başga-da ähmiýetli desgalary mysal getirmek bolar.

«Ak şäher Aşgabat» sergisi 25-nji maýda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň