Aşgabatda jemgyýetçilik ulaglarynda syýahat üçin tölegleri «Halkbank» PTB-niň täze nesil bank kartlary arkaly geçirmek mümkindir.
Bu mümkinçilik ähli şäheriçi awtobuslarynda elýeterlidir. Syýahat üçin tölegleri mikroprosessor (çip) oturdylan, galtaşyksyz interfeýsli (NFC) plastik bank kartlaryndan alynýar.
Ýolagçylara töleg geçirmek üçin olary awtobuslaryň girelgesindäki tutawaçda berkidilen walidatorlara degirmek ýeterlikdir.
«Halkbank» PTB hödürleýän hyzmatlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň ýolunda barýar, galtaşyksyz töleg ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tejribesi hem muňa mysal bolup biler.