Sürüjilik şahadatnamasy iş gözlemegi nähili ýeňilleşdirýär

11:4323.05.2023
0
37436

Sürüjilik şahadatnamalary bolanlar hem-de indi almagyň ugruna çykanlar bu resminamanyň iş gözlemek meselesinde nähili peýdasynyň degjekdigi barada hökman oýlanyp görendirler. Bu ugurdan iş tapmakda bolsa, ilkinjileriň hatarynda göz öňünde tutulýan işler — ýa-ha jemgyýetçilik ulagynyň sürüjisi bolmak, ýa-da ýük ulagyny dolandyryp işlemekdir. Emma, aslyýetinde bolsa, elinde sürüjilik şahadatnamasy bolan adam üçin bulardan başga hem hünär az däl.

1. Taksi sürüjisi. Bu hünär «B» kategoriýaly sürüjilik şahadatnamalary bolanlar üçindir. Taksi sürüjilerine hemişe, aýratynam, uly şäherlerde giňden isleg bildirilýär.

2. Çapar. Onlaýn söwdanyň has ösmegi bilen çaparyň işine bolan zerurlyk has-da möhüm ähmiýete eýe boldy. Şahsy ulagy bolan çaparlaryň hyzmatyndan köplenç dükanlar torlary, kafeler we restoranlar, şeýle-de dermanhanalar hem-de egin eşik dükanlary peýdalanýarlar.

3. Söwda agenti. Söwda wekiliniň işi şäheriň köp sanly ýerlerine baryp-gaýtmagy göz öňüne tutýar. Bu ýadgaýda şahsy awtoulagyň bolmagy uly artykmaçlyk bolup biler.

4. «C» we «D» kategoriýalardaky sürüjilik şahadatnamasy bolanlar ýük daşamalary bilen meşgullanýan guramalara we edaralara işe ýerleşmek mümkinçiliginden peýdalanyp bilerler. Mysal üçin, bu işde uzak aralyga ýola gidýän ýük ulaglarynda ýa-da şäher içinde ýükleri daşaýan ulaglarda işlemek mümkindir.

5. Şahsy sürüji. Köplenç ýagdaýlarda maşgalalar mekdebe we beýleki ýerlere çagalaryny äkidip-getirmek, şeýle-de maşgala agzalaryny dürli zerur ýerlere daşamagy üçin şahsy sürüji tutunmaly bolýarlar.

6. Gurluşyk tehnikalarynyň sürüjisi.

7. Maliýe guramasynda sürüji-inkassator.

8. Sürüji-ekspeditor. Bu işde işleýän hünärmen awtoulagda harytlaryň daşalmagyna, onuň bellenen nokatdan barmaly ýerine çenli aralykda ýüküň howpsuzlygyna gözegçilik edýär.

9. Gümrük deklaranty. Köplenç bu wezipede zähmet çekjek adamdan goşmaça resminama hökmünde sürüjilik şahadatnamasy soralýar.

Türkmenistanda bu işleriň ählisine-de hünärmen zerurlygy ýokary. Öz öňde goýan maksadyňa ýetmek, ýagny awtoulag sürüjisi bolup işlemek üçin, ilkinji nobatda, sürüjilik şahadatnamasyny almak möhümdir. Munuň üçin bolsa, Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň awtoulag mekdeplerinde sürüjilik taýýarlyk okuwlaryny geçmek gerekdir.

Aşgabatdaky Awtoulag mekdebiniň ýerleşýän salgysy: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow köçesiniň 424-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44 33 1 we (+993 12) 44 33 2.

Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň welaýat şahamçalarynyň salgylaryny we telefon belgilerini bolsa resmi web saýtdan tapyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň