Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: Didar Durdyýew 12 möwsümiň rekordyna şärikdeş

16:5706.05.2023
0
29659

«Arkadag» futbol toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew Ýokary liganyň 12 ýyllyk rekordyna şärikdeş boldy. Ol çempionatda 2012-nji ýyldan bäri iň köp gol geçirip gelýän futbolçylaryň sanawynda häzir karýerasyny Täjigistanda dowam edýän Süleýman Muhadowyň rekordyna şärik boldy.

Soňky 12 möwsümiň dowamynda bu futbolçylaryň ikisi hem 142 gezek tapawutlandy. Biziň şahsy hasaplamalarymyza görä, Didar 142-nji goluny şu möwsümiň 5-nji tapgyrynda «Arkadag» futbol toparynyň düzüminde «Aşgabadyň» derwezesinden geçirdi.

Eger Didar Durdyýew çempionatda ýene-de ýekeje gol geçirip bilse, birinji ornuň ýeke-täk eýesi bolar. Onuň «Arkadag» futbol topary bilen şu ýyl bassyr 6 duşuşykda 8 gezek tapawutlanandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň