Türkmen ýygyndysynyň wekili Täjigistanyň «Istiklol» futzal toparyna goşuldy

14:4306.05.2023
0
22488

Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň oýunçysy Röwşen Orazmuhammedow Täjigistanyň «Istiklol» topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada «Futsal Tajikistan» telegram kanaly habar berýär.

Çeşme şertnamanyň şertleri barada doly maglumat bermeýär. Goragçy täjik toparyna Aşgabadyň «Köpetdagyndan» geçdi.

Röwşen Orazmuhammedowyň Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň hatarynda Kuweýtde geçirilen Aziýanyň kubogy ― 2022-ä gatnaşyp, üç duşuşyk geçirendigini ýatladýarys.

«Istiklol» futzal topary Täjigistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky taýýarlygyň çäklerinde şu günler Özbegistanyň Daşkent şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär. Toparyň Täjigistanyň Superligasynyň geçen ýylky möwsüminde kümüş medala mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

Ýurduň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk 13-nji maýda Duşenbe şäherinde geçiriler. «Istiklolyň» bu duşuşykdaky garşydaşy «Soro kompaniýa» topary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň