Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» kärhanasy taýýar mebel toplumlaryny we sargyt esasynda taýýarlamak hyzmatyny hödürleýär

14:0201.05.2023
0
28027

Türkmen mebel kärhanasy «Aýbölek» öý, ofis, bilim we lukmançylyk edaralary üçin ýumşak hem-de gabaraly dürli görnüşli we şkaf mebellerini öndürýär.

Kärhanada hususy taslamaňyza görä ýatylýan otag ýa-da aşhana mebel toplumyny, myhman otagy ýa-da çagalar otagy üçin mebelleri sargyt edip, iş otagyny ýa-da ofisi bu mebeller bilen üpjün edip bilersiňiz. Kärhananyň tejribeli hünärmenleri Türkiýäniň we Ýewropanyň öňdebaryjy öndürijileriniň iň gowy materiallaryny hem-de esbaplaryny ulanýarlar. Mebel öndürilende müşderiniň reňk sazlaşygy, örtmek üçin matany saýlamak bilen baglanyşykly, aýratynlyklary we stil ugruna degişli ähli islegleri göz öňünde tutulýar.

«Aýbölek» sargyt esasynda mebel taýýarlamakdan başga-da, kärhanayň söwda dükanynda satylýan taýýar toplumlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Bu ýerde ýumşak mebelleri, krowatlary, diwanlary, köp maksatly şkaflary, telewizor goýmak üçin tumbalary, aşhana toplumlaryny, aýna we hammam otaglary üçin mebelleri satyn almak mümkindir.

«Aýbölek» dükany öz öndürýän mebellerinden başga-da, türkmen alyjylarynyň arasynda uly islegden peýdalanýan Türkiýede öndürilen mebelleri hem ýerleýär.

«Aýbölek» dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Andalyp köçesi, 80. Goşmaça maglumat üçin telefonlar: (+993 12) 47 01 03, (+993 12) 47 01 04. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň