Soňky habarlar

Arhiw

“Köpetdagyň” futbolçylary Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň indiki tapgyryna çykdylar

18:3004.08.2015
0
3634

Aşgabadyň “Köpetdagynyň” futbolçylary iki duşuşygyň netijesi boýunça Marynyň “Merwini” ýeňip, Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň deslapky böleginiň ikinji tapgyryna çykdylar.

Baýramalyda geçen ilkinji duşuşykda “Köpetdag” 0:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Jogap duşuşygy şu gün Aşgabatda durky täzelenen “Köpetdag” stadionynda geçirildi, onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutany “Köpetdagyň” futbolçylaryna klubuň nyşanyny we “Hundaý” kysymly awtobusyň açaryny gowşurdy. Şeýle hem bu wakalardan ýadygärlik hökmünde futbol pökgüsinde goluny goýdy. Bu pökgi indi sport toplumynyň gymmatly eksponaty bolar.

Soňra sport desgasynda futbol duşuşygy geçirildi. Onda “Merwe” ýaryşyň indiki tapgyryna çykmak üçin öz meýdanynda geçirden pökgüsine jogap bermek hökmandy, “Köpetdaga” bolsa ýeňilmese bolýardy.

Milletiň Lideriniň Türkmenistanyň IIM-niň toparynyň esaslandyrylmagyndaky uly üns aladasyndan ruhlanan tälimçi Seýit Seýidowyň şägirtleri myhmançylykda gazanylan artykmaçlygy saklajak bolman, eýýäm birinji ýaryda garşydaşyň derwezesine jogapsyz iki pökgi geçirdiler. Pökgüleri Mülkaman Annagulyýew (31-nji minut) we Hojalygurban Öwezow (39-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar.

Şeýlelikde, “Merwiň” garşysyna ikinji ýeňşini gazanan “Köpetdagyň” futbolçylary Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň deslapky böleginiň indiki aýlawyna çykdylar. Toparyň ýaryşyň ikinji tapgyryndaky garşydaşy şu gün “Daşoguz” bilen “Energetigiň” jogap duşuşygynda belli bolar. Bu toparlaryň arasynda Baýramalyda geçen ilkinji duşuşykda “Energetik” 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

“Köpetdag” — “Merw” — 2:0 (2:0)

Türkmenistanyň Kubogy — 2015. Ýaryşyň deslapky bölegi. Jogap duşuşygy.         

4-nji awgust. Aşgabat. “Köpetdag” stadiony. 26805 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler:  Mülkaman Annagulyýew 31, Hojalygurban Öwezow 39.

Duýduryş alanlar: Öwezbaý Muhammetmyradow 80 — Şaweli Seýitgulyýew 51.

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Duşuşygyň inspektory: Hudaýnazar Rejepow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň