Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Bars» Gagarin kubogynyň finalyna ýeňiş bilen başlady

00:1418.04.2023
0
18133

Kazanyň «Ak Bars» toparynyň hokkeýçileri Gagarin kubogynyň finalynyň ilkinji duşuşygynda SSKA-ny 4:1 hasabynda ýeňdiler. Duşuşyk Kazan şäherinde geçirildi.

Duşuşykda ýeňiji toparyň şaýbalaryny Artýom Lukoýanow, Stanislaw Galiýew, Dmitriý Woronkow we Kirill Panýukow geçirdi. «Goşunçylardan» bolsa Mihail Grigorenko tapawutlandy.

Şeýlelikde, «Ak Bars» final tapgyrynda 1:0 hasabynda öňe saýlandy. Jogap duşuşygy 19-njy aprelde ýene-de Kazanda bolar. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 21-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň