Soňky habarlar

Arhiw

Waleriýa 55 ýaşyny belleýär

15:4017.04.2023
0
52293

17-nji aprelde rus pop ýyldyzy, aýdymçy Waleriýa 55 ýaş toýuny belleýär.

Waleriýa (hakyky ady Alla Perfilowa) 1968-nji ýylda Saratow sebitiniň Atkarsk şäherinde professional sazandalar maşgalasynda dünýä inýär. Ene-atasynyň işleýän aýdym-saz mekdebini tamamlaýar. Okuwdan soň, ýerli Medeniýet öýünde wokal we instrumental ansamblynda aýdym aýdýar, soňra bolsa Moskwanyň Gnesina adyndaky aýdym-saz kollejindäki Iosif Kobzonyň kursuna okuwa girýär.

Aýdymçy tanalmagyna uly goşant goşan ädim "Ertir ýyldyzy" teleýaýlymyndaky çykyşy hasplanýar we şondan soň özüne meşhurlygy getiren "Waleriýa" lakamyny alýar. Mundan öň Waleriýa "Kombinasiýa" zenan pop toparyna agza bolmak teklibi gelip gowuşýar ýöne aýdymçy teklipden ýüz döndürýär.

1991-nji ýyldan 2000-nji ýylar aralykda "Säher ýyldyzy" bäsleşiginde ýeňiş gazanylandan soň, Waleriýa iň meşhur aýdymlaryny ýazdy, olaryň arasynda: "Uçar", "Adaty işler", "Meni kemsitmäň", "Riga - Moskwa", "Metelitsa" ýaly aýdymlar bar. 2012-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli Russiýanyň Prezidentiniň Medeniýet we sungat geňeşiniň agzasy boldy.

Häzirki wagtda Waleriýa aýdym ýazmagy we ýerine ýetirmegi dowam etdirýär, şol sanda beýleki ýerine ýetirijiler bilen duetde we sosial ulgamlara işjeň çykyş edýär, teleýaýlymlaryň görkezişlerine we bäsleşiklerine gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň