Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Soçi» Gurban Berdiýew bilen hoşlaşandan soňky ilkinji duşuşygynda utuldy

08:0017.04.2023
0
9238

«Soçiniň» futbolçylary türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýew bilen hoşlaşanlaryndan soň geçiren ilkinji duşuşygynda «Krasnodardan» ýeňildiler.

Soçi şäherindäki «Fişt» stadionynda geçirilen duşuşyk «Krasnodaryň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýeňiji toparyň gollaryny 40-nji minutda Žoau Batçi, 48-nji minutda bolsa Nikita Kriwsow geçirdi.

«Soçiniň» 10-njy aprel güni baş tälimçi Gurban Berdiýew bilen şertnamany ýatyryp, möwsümiň ahyryna çenli duşuşyklara Dmitriý Hohlowyň ýolbaşçylygynda çykjakdygyny habar beripdik.

«Soçini» myhmançylykda ýeňen «Krasnodar» utugyny 38-e çykardy, «Soçi» bolsa 31 utuk bilen dokuzynjy basgançakda galdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň