Agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty Koreýa Respublikasynyň Çinju şäherinde geçiriler

09:0017.04.2023
0
13778

Halkara Olimpiýa komitetiniň resmi web saýty agyr atletika boýunça 2023-nji ýyldaky Aziýanyň çempionatynyň Koreýada geçiriljekdigini habar berdi.

Çempionat 3 ― 13-nji maý aralygynda Kýonsan-Namdo welaýatynyň Çinju şäherinde geçiriler.

Aziýa çempionatynda medallaryň 20 toplumy gowşurylar, olaryň 10-sy erkekleriň, 10-sy zenanlaryň arasyndaky ýaryşlara degişlidir.

Geçen ýyl Bahreýn Patyşalygynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda Hytaýyň ýygyndysy 6 altyn, 2 kümüş medal bilen umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýeläpdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň