15-nji aprelde bütin dünýäde Halkara Medeniýet güni bellenilýär. Medeniýet güni "Rerih şertnamasy" – "Çeper we ylmy guramalary we taryhy ýadygärlikleri goramak barada" 1935-nji ýylyň 15-nji aprelinde Waşingtonda baglaşylan şertnama esasynda döredildi diýlip hasaplanýar. Meşhur rus suratkeşi we filosofy Nikolas Rerih çeper ýadygärlikleri wagt we adamyň täsiri sebäpli weýran bolmakdan goramak pikiriniň awtorydyr.
Şertnamada medeni gymmatlyklary goramak baradaky maddalar görkezilen. Bu maddalaryň, uruş ýagdaýlarynyň dowam edýänligine hem garamazdan islendik syýasy ýagdaýda berjaý edilmeligi hökmanydyr.
Bu günde dünýäde dürli çäreler - sergiler, döredijilik ýygnaklary, sungat konferensiýalary, taryhy leksiýalar, konsertler we teatr çykyşlary geçirilýär.