Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamowyň Yslamabatdaky COMSATS uniwersitetiniň rektory Prof.Dr.Muhammad Afzal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen COMSATS uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Pakistan tarapy COMSATS uniwersitetiniň fakultetleri, ylmy işleri we gazanan üstünlikleri barada çykyş etdi.
Türkmen tarapy ýurduň oňyn Bitaraplyk syýasaty esasynda halkara arenasyna alyp barýan işleri, Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulýan Arkadag şäheri bilen tanyşdyryldy.
Taraplar iki ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we bilelikdäki çäreleri geçirmegiň zerurlygy barada ylalaşdylar.