«AkDag» Türkmenistanda gilýotina aýna ulgamlaryny öndürýär we gurnaýar

17:4507.04.2023
0
66423

«AkDag» hususy we täjirçilik binalarynda terraslara we eýwanlara aýna oturtmak üçin döwrebap çözgüdi – «Tenteks» türk öndürijisiniň gilýotina ulgamlaryny hödürleýär.

Gilýotina aýna ulgamy – diňe bir açyk meýdançalary bezemegiň estetiki taýdan özüne çekiji görnüşi bolman, eýsem, peýdaly gurluşdyr. Şeýle gurluş giňişligi wizual taýdan giňelder we oňa goşmaça gözellik çaýar, şeýle hem köçeden gelýän seslerden, tozandan we ýagyndan ygtybarly gorar.

«AkDagyň» wekili gilýotina aýna ulgamynyň birnäçe tehniki artykmaçlyklaryna ünsi çekýär:

  • galyňlygy 10 mm bolan berk aýna;
  • urgulara we daşky basyşa durnuklylyk;
  • aýnalaryň arasyndaky berkidiji alýumin paneller ultramelewşe şöhlelere garşy çydamlydyr;
  • ulgamyň ähli bölekleri zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda aňsatlyk bilen bejerip boljak görnüşde döredilendir.

«AkDag» kompaniýasynyň 10 ýyldan gowrak tejribesi, enjamlary gurnamagyň tehniki aýratynlyklaryny we inçe tilsimlerini bilmegi tutuş ýurt boýunça müşderilere edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli we wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

Ýatlatsak, «AkDag» tirsekli markizalary, awtomatiki derwezeleri, bassyrmalary, pergolalary, şlagbaumlary we sensorly süýşýän gapylary öndürmek we tigirçekli örtük ulgamlaryny öndürmek we gurnamak işlerine ýöriteleşendir

Türkmenistanlylar üçin önümleriň ähli görnüşlerine 2 ýyl kepillik berilýär.

Gilýotina aýna ulgamyny sargyt etmek boýunça ýüztutmany resmileşdirmek hem-de maslahat almak üçin «AkDag» kompaniýasy bilen aşakdaky telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

  • hyzmat ediş merkezi: (+993 65) 69 11 53;
  • ofis: (+993 65) 71 30 55, (+993 65) 71 30 66.

Elektron poçta: akdagtm@gmail.com

Kompaniýanyň ofisi Aşgabatda Gurtly kiçi etrapçasyndaky B43 binasynda ýerleşýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň