Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Barsyň» hüjümçisi Danis Zaripow Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysynyň türgenleşiklerine gatnaşýar

18:3704.04.2023
0
30106

Russiýanyň hokkeý ýygyndysy bilen dünýäniň üç gezek çempiony bolan Kazan şäheriniň «Ak Bars» hokkeý toparynyň hüjümçisi Danis Zaripow Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysynyň türgenleşiklerine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi.

Özi hem ol türkmen paýtagtyna ýeke däl-de, «Ak Barsyň» ýaşlar düzüminiň tälimçisi we 10 sany oýunçysy bilen bile geldi.

Aşgabat şäherine duşenbe güni gelen kazanly myhmanlar Türkmenistanyň ýygyndysy bilen eýýäm ilkinji türgenleşiklerini geçirdiler.

Wekiliýetiň düzüminde tejribeli tälimçi Artýom Anisimow hem bar. Onuň tälimçilere derwezeçileri, goragçylary we hüjümçileri türgenleşdirmek babatynda ýardam bermekde baý tejribesi bar. Şu günler türkmen hokkeýçiler tejribeli tälimçiden we russ hokkeýiniň ady rowaýata öwrülen wekilinden köp zatlary öwrenýärler.

Myhmanlar Türkmenistanyň milli ýygyndysyna şu aýyň 17 ― 23-i aralygynda geçiriljek dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň duşuşyklaryna ýokary derejede taýýarlanmakda ýardam berýärler. Günorta Afrika Respublikasynda geçiriljek ýaryşda türkmen hokkeýçileri ýer eýeleri, Lýuksemburgyň, Tailandyň we Taýwanyň ýygyndylary bilen bir toparçada güýç synanyşarlar.

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysynyň ilkinji duşuşygyny 17-nji aprel güni Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçirmegine garaşylýar. Şol günüň ertirligi bolsa Baýram Allaýarowyň şägirtleri Lýuksemburgyň ýygyndysy bilen buzly meýdança çykar. Türkmen hokkeýçileriniň dünýä çempionatyndaky ýörişi 20-nji aprelde Tailandyň ýygyndysy bilen boljak duşuşykda dowam eder. Olar toparçadaky ahyrky duşuşygyny 23-nji aprel güni Taýwanyň ýygyndysy bilen geçirerler.

Duşuşyklaryň ählisi Keýptaun şäherinde 2000-nji ýylyň dekabr aýynda açylyp, ulanylmaga berlen «Buzly stansiýa» sport toplumynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň