Soňky habarlar

Arhiw

HBO teleýaýlymy «Tagtlaryň oýnunyň» prikwelini surata düşürmekçi

17:0704.04.2023
0
24605
HBO teleýaýlymy «Tagtlaryň oýnunyň» prikwelini surata düşürmekçi
Surat: miridei.com

HBO teleýaýlymy «Tagtlaryň oýny» atly meşhur teleserialyň nobatdaky prikwelini, Targariýenleriň nesilşalygynyň wekili Eýgon I tarapyndan Westeros sebitiniň eýelenişi barada täze bölümini surata düşürmekçi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Habarda taslamanyň heniz taýýarlyk döwründedigi bellenýär. Serialyň ssenariçisi gözlenýär.

Täze prikwel esasy serialda gürrüň beriljek wakalara çenli döwri suratlandyrar.

Serialda Eýgon Westerosyň Targariýenlerden ilkinji patyşa bolşy gürrüň berler. Bu wakalar «Tagtlaryň oýnundaky» wakalardan 300 ýyl we «Aždarhalaryň öýi» serialyndaky wakalardan 100 ýyl soň bolup geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň