Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow: Arkadag şäherindäki gulluk jaýlary hususylaşdyrylyp bilner

10:0003.04.2023
0
27678
Gurbanguly Berdimuhamedow: Arkadag şäherindäki gulluk jaýlary hususylaşdyrylyp bilner
Surat: tdh.gov.tm

Arkadag şäherindäki gulluk jaýlary 10 ýyllyk birkemsiz işlenenden soň hususylaşdyrylyp bilner. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň barşynda aýtdy diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, maslahatda bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň gulluk maksatly berlip, olarda 10 ýylyň dowamynda birkemsiz ýaşap, zähmet çeken maşgalalara jaýlary öz adyna geçirip bilýändikleri, ilki töleg geçirip, ýaşaýyş jaýlaryna gelen raýatlaryň hereket edýän kada esasynda jaý eýeleri bolýandyklary bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, bularyň hemmesi adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýaşaýyş jaýlaryna bolan hukugyny üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýär.

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Başlygy bu ugurda bar bolan meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

«Täze, döwrebap şäheriň gurulmagy, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi beýik maksatlaryň amala aşyrylýandygyny görkezýär» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň