Soňky habarlar

Arhiw

Astrahan sebitiniň gubernatory Funtowodaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebe baryp gördi

10:4002.04.2023
0
41848
Astrahan sebitiniň gubernatory Funtowodaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebe baryp gördi
Surat: Astrahan sebitiniň hökümeti

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebe baryp gördi.

Igor Babuşkin mekdepde mugallymlar we okuwçylar bilen söhbetdeş boldy hem-de Aşgabatda ýerleşýän A.S.Puşkin adyndaky dogan mekdebi bilen wideokonferensiýa guramak üçin niýetlenen enjamy gowşurdy.

Gubernator bu ýerde okuw işiniň guralyşyna ýokary baha berip, şahyryň we türkmen medeniýetiniň döredijilik mirasyny goramagyň möhümdigini aýtdy.

«Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdebiň şahyryň döredijilik mirasyny üns bilen gorap saklamagy begendirýär. Mekdep türkmen medeniýetiniň hakyky merkezine öwrüldi. Şol bir wagtyň özünde, bu ýerde beýleki halklaryň däp-dessurlary we medeniýeti hormatlanýar. Munuň özi biziň köpmilletli sebitimiz üçin juda möhümdir» diýip, gubernator belledi.

Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdepde «Ösüş nokadynyň» açylmagy üçin hemme zat diýen ýaly taýyn, ony diňe enjamlar bilen enjamlaşdyrmak galýar. Nokadyň açylyşy 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna meýilleşdirilýär. Belläp geçsek, Russiýa Federasiýasynyň «Bilim» milli taslamasynyň çäginde mekdeplerde «Ösüş nokady» goşmaça bilim merkezleri açylýar. Olar mekdep okuwçylaryna ösen tehnologiýalary ulanyp, mugt okamaga mümkinçilik berýär.

Ýadymyzda bolsa, Russiýada ilkinji türkmen mekdebi 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda açylypdy. Mekdebiň gurluşyk işleri Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna geçirildi. Mekdep binasy umumy meýdany 3,5 müň inedördül metrden gowrak 2 gatly bilim toplumy bolup, ol 190 okuwçy üçin niýetlenendir. Onda 20 synp otagy döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda belleniler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň