18-nji maýda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bellenýän wagty bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreler daşary ýurtlarda hem geçirildi. Şeýle wakalaryň biri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda gurlan mekdebiň açylyş dabarasy boldy.
Çärä Astrahan oblastynyň gubernatory A.Žilkin, Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary G.Karasin hem-de Russiýa Federasiýasynyň bilim we ylym ministriniň orunbasary P.Zenkowiç, “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň Astrahan sebit bölüminiň we oblast dumasynyň wekilleri, şeýle hem wise-premýer, ýurdumyzyň daşary işler ministri R. Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň resmi wekiliýeti gatnaşdy. Dabara köp sanly ýerli ýaşaýjylar ýygnandylar, Astrahanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary hem geldiler.
Beýik türkmen nusgawy şahyrynyň ady dakylan mekdep bilen birlikde, Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyşy hem boldy. Ýadygärlik binasyny ajaýyp söz ussadynyň öçmez-ýitmez setirleri bezedi. Taryhçylaryň maglumatlaryna görä, Magtymguly Pyragy Asrtahan toparynda ençeme gezek bolupdyr we hut şu ýerde birnäçe ýüz ýyl mundan ozal şahyryň türkmen dilindäki eserleriniň ilkinji ýygyndysy neşir edilipdir.
2009-njy ýyldan bäri Astrahanda meşhur şahyryň we akyldaryň ýadygärliginiň durandygyny belläp geçmek gerek. Onuň döredijilik mirasy dünýäniň ruhy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şonda Pyragynyň Watanynda taýýarlanylan ýadygärlik bu şäheriň 450 ýyllygy mynasybetli Astrahana sowgat berildi hem-de şäheriň merkezinde, Astrahan döwlet uniwersitetiniň ajaýyp seýilgähinde oturdyldy.
Täze mekdep üçin ýer tötänleýin saýlanmady. Funtowo obasynda Astrahan sebitinde iň köp türkmen kowçumlary ýaşaýar. Mekdebiň binasy 3,5 müň inedördül metrden gowrak bolan umumy meýdany tutup, 190 okuwça niýetlenen iki gatly okuw toplumydyr.
Iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan giň, oňaýly, ýagty otaglar okuwçylara garaşýar. Olarda mugallymyň awtomatlaşdyrylan iş orny gurnaldy, interaktiw tagtalar hem-de sanly proýektorlar oturdyldy.
Mekdepde kompýuter otagy, fizika, himiýa, biologiýa we taryh, barlaghana otaglary, terbiýeçi-psihologyň we logopediň otaglary, oglanlar üçin ähli zerur gurallary bolan zähmet otagy, gyzlar üçin bolsa aşhana, tikin-çatyn iş ediş otaglary bar.
Şeýle hem bu ýerde kitaphana, meýdany 280 inedördül metrden gowrak bolan üsti ýapyk sport zaly, naharhana, uly mejlisler zaly, lukmançylyk otagy, lift hem-de beýlekiler bar. Mekdebiň ýanaşyk ýerlerindäki meýdançada sport we geografiki ýerler gurnaldy. Başlangyç synplaryň okuw binasynda uzaldylan güne gatnaýan toparlar üçin oýun oýnalýan otag, birinji synpda okaýanlar üçin ýatylýan otaglar göz öňünde tutuldy.
1-nji sentýabrda ozallar okamaga goňşy şäherçä giden Funtowo obasynyň oglan-gyzlary täze partalaryň başynda oturarlar. Indi bolsa töwerekdäki obalaryň çagalary mekdebiň ajaýyp binasy peýda bolan Funtowa okamaga gelerler.
Bilim edarasyny gurmagyň taslamasyna 2016-njy ýylyň martynda badalga berildi. Onuň gurluşygy döwrebap ölçeglere laýyklykda hem-de türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna alnyp baryldy. Gurluşyk serişdeleri sebitde iri “Berkarar” ulag-ýolagçy ýük gämisi bilen daşaldy.
Soňky habarlar
Arhiw
Astrahan oblastynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgady bolan Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep açyldy
11:5519.05.2018
0
16926
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň