Top.Mail.Ru

Aşgabat we Gadymy Merw ekspedisiýalary dünýä syýahatçylygyna girizildi

16:2813.03.2023
0
46602

«TCS World Travel» amerikan kompaniýasy iň gymmat dünýä syýahatlarynyň birine Türkmenistandan iki nokady goşdy. «Kingdoms & Cultures» diýlip atlandyrylýan bu ekspedisiýa 2024-nji ýylyň tomsuna meýilleşdirilýär diýip, «Orient» habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, syýahatçylara, takmynan, 130 müň dollara Aşgabat şäherine gysgaça gezelenç etmek we Gadymy Merw şäherine bir günlük syýahat etmek teklip edilýär.

Umuman alanyňda, 13-nji iýundan 2-nji iýul aralygynda dowam etjek syýahatçylyk maksatnamasy London (Angliýa), Kotor aýlagy (Çernogoriýa), Krakow (Polşa), Buharest we Suçaw (Rumyniýa), Buhara (Özbegistan), Tbilisi (Gruziýa), Aşgabat we Merw (Türkmenistan), Efes we Firuze kenarlary (Türkiýe).

Belläp geçsek, bu baha hususy uçarda uçuşlar, amatly myhmanhanalarda ýerleşmek, guryýer ulagy we nahardan başlap, gündelik çäreler ýaly hemme zady öz içine alýar.

«TCS World Travel» dünýäde ekzotik gezelençleri guramaga ýöriteleşen we baý adamlar üçin niýetlenen amerikan syýahatçylyk kompaniýasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň