Soňky habarlar

Arhiw

Mart aýynyň ahyrynda Aşgabatdan Delä howa gatnawlary gaýtadan ýola goýlar

17:4308.03.2023
0
47366

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 26-njy martyndan Aşgabat — Deli — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlary gaýtadan ýola goýar. Bu ugurdaky petekler awiakompaniýanyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi web sahypasynda satuwa çykaryldy.

Mysal üçin, Türkmenistanyň raýatlary mart aýynyň ahyrynda 31 müň 437 rubldan petek alyp, Aşgabatdan (ASB) Deli (DEL) şäherine gidip bilerler. Raýatlar «Mir» töleg ulgamynyň bank kartyny ulanyp, rus walýutasynda töleg edip bilerler.

Hindistanyň paýtagtyna «T5537» uçuşynyň hepdede bir gezek, ýekşenbe günleri amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Uçar Aşgabatdan 05:15-de uçup, Indira Gandi halkara howa menziline 09:05-de gonar.

Pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda yzygiderli gatnawlar togtadylypdy. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Delä we Amritsara yzygiderli gatnawlary amala aşyrýardy.

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula (Türkiýe), Moskwa (RF), Kazana (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Mart aýynyň ahyryndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Pekine (HHR) we Londona (Angliýa) yzygiderli gatnawlaryny dowam etdirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň