Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Küşt federasiýasy Aziýa federasiýasyna agza boldy

19:3403.03.2023
1
22448

Russiýanyň Küşt federasiýasy resmi ýagdaýda Ýewropanyň Küşt birleşiginiň düzüminden çykyp, Aziýanyň Küşt federasiýasynyň agzasy boldy. Bu barada guramanyň resmi saýty habar berýär.

Degişli çözgüt Aziýanyň Küşt federasiýasynyň Abu-Dabi şäherinde geçirilen sebitleýin assambleýasynda kabul edildi.

Rus federasiýasynyň mundan beýläk Aziýa wekilçilik etmegini goldap 29 wekil ses berdi. Bir wekiliň garşy çykan ses berlişiginde olaryň 6-sy saklandy. Resmi geçiş şu ýylyň 1-nji maýynda bolar.

RKF Ýewropadan Aziýa geçen taryhdaky ilkinji federasiýadyr. Häzirki wagtda küşt sporty boýunça Aziýanyň esasy guramasy 52 assosiasiýany özünde birleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň