Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitindäki çykyşy

19:0602.03.2023
0
18847

Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary!

Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, şu sammiti çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edendigi, onuň örän gowy guralandygy, myhmansöýerligi üçin Onuň Alyhezreti, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirýärin.
Koronawirus pandemiýasynyň netijeleri häzirki döwürde örän möhüm we düýpli meseleleriň biri bolup durýar. Elbetde, bu diňe lukmançylyk meselesi däldir. Ol gönüden-göni ählumumy ösüşiň syýasy, ykdysady, durmuş-ynsanperwer ugurlaryna täsir edýär. Munuň özi biziň ählimiziň duçar bolýan ýönekeý bolmadyk ýagdaýymyzy ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň özara gatnaşyklarynyň täze, birmeňzeş usullaryny gözlemegiň zerurdygyny görkezdi. Şeýle şertlerde deňhukuklylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik garaýyşlaryna eýerýän döwletleriň birleşigi hökmünde Goşulyşmazlyk Hereketiniň orny artýar. COVID-iň netijelerini ýeňip geçmäge bizden işjeň we başlangyçlar bilen goşant goşmagy, özara hyzmatdaşlyk etmegiň anyk, düşnükli ugurlaryny hem-de ileri tutulýan taraplaryny beýan etmegi talap edýär.

Ilkinji nobatda, gürrüň bilelikdäki işiň umumy syýasy-dünýägaraýyş esaslaryny emele getirmek barada barýar. Onuň esasynda bolsa raýdaşlyk, özara kömek, bölünmez jogapkärçilik ýörelgeleri goýulmalydyr. Diňe şeýle edilende, bilelikde tagallalary birleşdirip, biz pandemiýanyň netijelerini ýeňip geçmek üçin şertleri döredip bileris. Onuň gaýtadan ýüze çykmazlygyny kepillendirip, zerur bolan gorag usullaryny döredip, ykdysady we söwda gatnaşyklarymyzy dikelderis. Pandemiýanyň ýiti tapgyrynyň tamamlanmagynyň ondan doly üstün çykylandygyny aňlatmaýandygy äşgärdir. Hut şoňa görä-de, bize hyzmatdaşlygyň derejesini diňe bir peseltmän, eýsem, ony yzygiderli giňeltmek hem zerurdyr.

Bu ugurda ilkinji nobatdaky wezipeleriň arasynda biz Goşulyşmazlyk Hereketine girýän ýurtlaryň ylmy-lukmançylyk ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň ulgamlaşdyrylmagyny görýäris. Howply ýokanç kesellere garşy göreşmekde tejribäni, usulyýetleri alyşmagy işjeňleşdirmek, bu işi yzygiderli we hemişelik esasda ýola goýmak talap edilýär. Men ýurtlarymyzyň her biriniň hemmelere zerur bolup biljek gymmatly tejribesiniň üstünlikli mysallarynyň bardygyna ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, biz Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça biziň birleşigimiziň ähli agzalary üçin elýeterli bolan Bitewi maglumat we usulyýet bankyny döretmegiň üstünde oýlanmagy teklip edýäris. Bu ugurda bilelikde işlemek üçin Goşulyşmazlyk Hereketiniň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyny çagyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy maksadalaýyk hasaplaýaryn.

Maslahata tejribe geçýän lukmanlary, alymlary, bilermenleri, lukmançylyk bileleşiginiň beýleki wekillerini, täze howplara garşy durmaga we onuň bilen bagly ýagdaýlary ýeňip geçmäge gatnaşýan başga düzümleri hem-de edaralary çekmeli diýip pikir edýärin. Elbetde, bu gyzyklanma bildirýän beýleki döwletlerdir guramalaryň ählisi üçin-de açyk bolmalydyr.

Biziň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygymyz COVID-iň netijelerini ýeňip geçmekde üstünlikli işlemegiň örän möhüm şertidir. Umuman, BSGG-niň öz üstüne ýüklenen wezipeleriň hötdesinden gelendigini wagt görkezdi we onuň başarnygyna hem-de kämilligine şübhelenmäge esas ýok. Şunuň bilen baglylykda, biz Goşulyşmazlyk Hereketini hemişe syýasy, ruhy we beýleki ugurlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş

Guramasyna goldaw bermäge çagyrýarys. Bu gurama bilen üýtgewsiz hyzmatdaşlyk etmelidigini tassyklamaly, umumydünýä derejesinde adamlaryň ömrüni we saglygyny goramakda onuň baş utgaşdyryjy ornuny ykrar etmeli. Men emele gelen ýagdaýda Goşulyşmazlyk Hereketi bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň arasynda, ozaly bilen, biziň ýurtlarymyzyň lukmançylyk bileleşikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmegi netijeli, iň az resmilikler bilen ýola goýmak zerurlygy ýüze çykdy diýip pikir edýärin. Geliň, şeýle işlemegiň ülňüleriniň we görnüşleriniň üstünde oýlanalyň!

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň işini doly goldaýandygyny beýan etmek isleýärin. Bu guramanyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine tutanýerli hem-de başarnykly zähmeti üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Biziň ýurdumyz bu gurama bilen geljekde-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk eder, mundan beýläk-de oňa hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyr.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan özüniň ozal teklip eden, ylmy diplomatiýa boýunça köptaraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny öňe sürmegi dowam etdirer. Biz, hususan-da, Türkmenistanyň şu aşakdaky halkara we sebit gurallaryny, ýagny:

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny; öýken sowuklamasyna garşy göreşmek boýunça köptaraply guraly; Ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça usulyýet merkezini; Merkezi Aziýa Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek barada ozal öňe süren tekliplerini tassyklaýarys. Şeýle hem biz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýardam bermeginde we utgaşdyrmagynda derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny bu ugurda ýeterlik bolmadyk döwletlere wagtynda, bökdençsiz eltmek üçin has netijeli we adalatly ulgamy ýola goýmak zerur diýip hasap edýäris. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer ugurly beýleki düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýollaryny hem işjeň ulanmaly diýip pikir edýärin.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Geljek döwürde halkara ykdysady we söwda gatnaşyklaryny yzygiderli dikeltmegi gazanmalydyrys. Şunuň bilen baglylykda, Goşulyşmazlyk Hereketiniň döwletlerini adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny dikeltmegiň hem-de berkitmegiň üstünde netijeli işlemäge çagyrýarys. Munuň üçin gowy esas — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda kabul eden «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamasy bar.

Şol bir wagtda, biz Baş Assambleýanyň «Ählumumy ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we berkitmekde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmak» atly Kararnamasyny işläp taýýarlamaga girişmeli diýip hasap edýäris. Şeýle resminama bu döwletleriň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge ukyply bolar. Goşulyşmazlyk Hereketine girýän bu döwletleriň köpüsi degişli meseleleriň ähmiýetini we oňa düşünmegi beýan eder, dünýä jemgyýetçiliginiň olaryň çözülmegine meýillerini görkezer. Türkmenistan hemmeleriň netijeli teklipleri we başlangyçlary üçin açyk bolan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardyr. Biz goşulyşmaýan ýurtlar bu işe gatnaşarlar diýip hasaplaýarys.

Şeýle hem pandemiýanyň ýaramaz ykdysady netijelerini azaltmak bilen baglylykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ugurdaş düzümleri, ilkinji nobatda, Ykdysady we Durmuş geňeşi bilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek zerur diýip hasap edýär. Ösýän ýurtlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramakda, halkara ykdysady gatnaşyklarda adalatlylygy hem-de deňhukuklylygy işjeň gazanmakda Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek COVID-den soňky ählumumy ykdysady şertlerde biziň işimiziň örän möhüm tarapy bolup durýar. Şu meselelerde biziň maksadymyz aýdyň we dogry beýan edilmelidir: ykdysady gatnaşyklaryň dikeldilmegi ösýän ýurtlara zelel ýetirmeli däldir, olaryň hasabyna geçirilmeli däldir.

Men häzirki döwürde bizde dünýä ykdysady we söwda gurluşynyň täze ulgamyny döretmäge mümkinçiligiň bardygyna ynanýaryn. Bu ulgamda kemsitmäge, emeli päsgelçiliklere, serişdeleriň adalatsyz paýlanylmagyna orun bolmaz. Halklaryň we döwletleriň ykdysady özbaşdaklygyny ykrar etmekde Goşulyşmazlyk Hereketiniň orny berk hem-de saldamly bolmalydyr. Biz öz ykdysady gün tertibimizi başlangyçlar arkaly, jogapkärçilik bilen öňe sürmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, energetika howpsuzlygynyň ählumumy ulgamyny döretmäge goşulyşmaýan döwletleriň işjeň gatnaşmagy ägirt uly ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa adalatly we aýdyň ýörelgelere, energiýa çeşmelerine, olary eltmegiň serişdelerine deňhukukly elýeterlilige esaslanýar. Energiýa serişdelerini iberijileriň, satyn alyjylaryň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini hasaba almaga we ykrar etmäge daýanýar.

Goşulyşmazlyk Hereketiniň döwletleriniň Durnukly ösüş maksatlaryny, şol sanda onuň azyk howpsuzlygy ýaly bölegini durmuşa geçirmekde netijeli işi COVID-den soňky dikeldiş döwrüniň örän möhüm tarapy bolup durýar. Pandemiýa bu mesele çözülmedik, ilaty doly bahaly iýmit almaýan döwletleriň ýagdaýyny äşgär etdi. Islendik adamyň, ozaly bilen, ähli çagalaryň aýrylmaz hukugy, saglygynyň we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly bahaly iýmiti kepillendirmekde döwletleriňdir sebitleriň azyk serişdelerine elýeterliligini üpjün etmek meselelerine seredilende, goşulyşmaýan ýurtlaryň garaýyşlarynyň bitewüligi we berkligi zerurdyr.

Elbetde, COVID-den soňky dikeldiş döwrüniň ähli sanalyp geçilen wezipeleri diňe pugta parahatçylyk we deňhukuklylyk şertlerinde mümkindir. Şoňa görä-de, geljekde goşulyşmaýan ýurtlary ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy gazanmak ugrundaky göreşde öz birleşdirilen çemeleşmelerini güýçlendirmäge çagyrýarys. Gapma-garşylyklary we dartgynlylygyň güýjemegini ýeňip geçmelidigini, döwletara gatnaşyklarda hormatlamak medeniýetini, ynanyşmagy we öňünden çaklamagy gazanmalydygyny belleýäris. Häzirki döwrüň dünýä tertibiniň we howpsuzlyk gurluşynyň syýasy-hukuk binýady hökmünde halkara hukugyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ornunyň pugtalandyrylmalydygyny nygtaýarys.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy şu ýyly Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etdi. Men şu belent münberden bu başlangyjy goldap çykyş eden Goşulyşmazlyk Hereketiniň ähli döwletlerine minnetdarlyk bildirýärin. Olaryň ençemesi degişli Kararnamanyň awtordaşlary boldular. Munuň özi biziň maksatlarymyzyň we niýetlerimiziň birdigini, birleşigimiziň parahatçylyk söýüji, ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny ynamly görkezdi.

Sözümiň ahyrynda Goşulyşmazlyk Hereketinde netijeli başlyklyk edendigi, şu günüň we geljegiň öňde duran maksatlaryny ýerine ýetirmäge goşan uly goşandy üçin doganlyk Azerbaýjan Respublikasyna minnetdarlyk bildirýärin.

(Baku şäheri, 2023-nji ýylyň 2-nji marty)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň