Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasyny Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

19:2022.02.2023
0
37082
Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasyny Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy
Surat: ikbariyamubasher.com

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Bahreýniň paýtagty Manamada resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ikiçäk we giňeldilen düzümindäki duşuşyklaryň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar, şeýle hem halkara we sebit derejesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda Serdar Berdimuhamedow: — Bu saparyň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň bähbidi üçin hyzmatdaşlygyň has uly mümkinçiliklerini açyp görkezmegine güýçli itergi boljakdygyna ynanýarys – diýip belledi. Şeýle hem Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada Bahreýniň «Al-aýam» gazeti resmi habar berdi.

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti bilen Bahreýniň Patyşasynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli türkmen-bahreýn gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Geçirilen ýokary derejeli türkmen-bahreýn gepleşikleri tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni bilen sylaglanyldy.

Serdar Berdimuhamedow: «Bu baýragy Türkmenistana we türkmen halkyna hormat goýmagyň aýdyň nyşany hökmünde kabul edýärin» diýip, öz hoşallygyny bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň