Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyldy

18:1922.02.2023
0
36791
Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyldy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Manamada geçirilen ýokary derejeli türkmen-bahreýn gepleşikleri tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni bilen sylaglanyldy.

«Al Gudaýbiýýa» köşgüniň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidentine bu abraýly sylagy Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa gowşurdy. Serdar Berdimuhamedow bu ýokary sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Bahreýn Patyşalygynyň ilkinji Emiri Şeýh Isa bin Salman Al Halifanyň adyny göterýän bu orden Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy hasaplanýar. Ol ýurduň häzirki Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa tarapyndan 1999-njy ýylyň oktýabrynda döredilip, döwlet hem hökümet Baştutanlaryna, Mirasdüşer Şazadalara, wise-premýerlere, ministrlere, harby gullukçylara we beýlekilere bitiren aýratyn hyzmatlary üçin berilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan bilen Bahreýniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge goşant uly şahsy goşandy, alyp barýan parahatçylykly, döredijilikli syýasaty üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Bahreýniň Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeni bilen sylaglanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň