Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al-Tanini kabul etdi

16:3320.02.2023
0
53037

Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Katar döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al-Tani bilen ýokary derejede gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň özara bähbitli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, myhman mähirli garşylanandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin islendik wagtda Katar döwletine sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Katar döwletinde geçirilen sport baýramçylygynyň, ýagny dünýä çempionatynyň guramaçylykly ýaýbaňlandyrylandygy bilen gutlady. Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al-Tani gutlagy kabul edip, çempionata Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynyň özleri üçin uly mertebe hem hormatdygyny aýtdy.

Gepleşikleriň çäklerinde türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Esasan-da, maýa goýumlary özleşdirmek boýunça möhüm soraglaryň üstünde durlup geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň