Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-de Şeýh Zaýed metjidine bardy

16:2811.02.2023
0
45238

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapar bilen bardy.

Saparynyň ilkinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän, dünýäde iň uly alty metjidiň biri hasaplanýan Şeýh Zaýed metjidine baryp, aýat-töwir okady. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu metjit Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň adyny göterýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň müftüsi bu beýik ynsanyň mawzoleýine — aramgähine baryp, ony hatyraladylar.

— Hakyda – milletiň baýlygy. Ol nesilleri birleşdirýär. Biz geçmişi hormatlap, geljege ýol açýarys. Pederlerimizi hormatlap, nesillere görelde bolýarys. Munuň özi türkmen we arap halklarynyň asylly ýörelgesidir — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Zaýed metjidinde belledi.

Şeýh Zaýed metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň müftüsi, din wekilleri doga-dileg etdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň