Soňky habarlar

Arhiw

Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sürüjilik okuwlarynyň üýtgedilen nyrhnamalary bilen tanyşdyrdy, Türkiýä gitmek üçin syýahatçylyk wizasyna gerek resminamalaryň sanawy, ýanwar aýynyň soňunda Türkmenistanda maýyl howa garaşylýar we beýleki habarlar

11:4424.01.2023
0
46334

1. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi geçilýän sürüjilik okuwlarynyň nyrhnamalaryna üýtgetmeleriň girizilendigini habar berýär. Degişli üýtgetmeler 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Sürüjilik okuwlarynyň nyrhalary «B» derejesi üçin 2,5 aýlyk okuw üçin 583 manat, «B/ C» derejesi üçin 3,5 aýlyk okuw üçin 748 manat. Sürüjilik okuwlarynyň beýleki derejeleriniň nyrhlary bilen bolsa «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi web saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

2. Aşgabatdaky Türkiýäniň wiza merkeziniň resmi web saýtynda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä syýahat wizasyny almak üçin talap edilýän hökmany resminamalaryň sanawyny çap etdi. Esasy resminamalaryň arasynda, Türkiýä giren gününden azyndan 6 aý möhleti bolan halkara pasporty, myhmanhananyň bron edilendigi barada maglumat, soňky 3 aýyň dowamyndaky möhür we gol bilen tassyklanan bank hasabynyň göçürmesi we beýleki kepilnamalar.

3. Türkmenistanda şu hepdäniň birinji ýarymynda sowuk howa saklanar, dynç günlerine ýakyn howanyň ýeterlik derejede maýyllamagyna garaşylýar.

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek Maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady tarapdan ösdürmek üçin 278 milliard 900 müň amerikan dollary möçberinde maýa goýumlar gönükdiriler – diýip Halk Maslahatynyň başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurduň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde belledi.

5. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, şeýle-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde «Euronews» teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi. Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew we teleýaýlymyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwian Žan Iw Rože geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar we halkara maglumat giňişliginde uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilen meýilnamalary beýan etdiler.

6. Häzirki wagtda taraplaryň ähli mümkinçiliklerini we gyzyklanmalaryny göz öňünde tutmak bilen, türkmen-rus uniwersitetini gurmak baradaky hökümetara şertnamanyň teksti boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Russiýanyň ylym we ýokary bilim boýunça ministriň orunbasary Konstantin Mogilewskiý Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik forumynda belläp geçdi. Mogilewskiniň aýtmagyna görä, wekiliýetiň düzümine Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti hem girdi. Şeýle hem ol möhüm we çynlakaý meseleleriň biriniň bilelikdäki uniwersitet döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmekdigini aýtdy.

7. Brýusselde ýerleşýän Ýewropanyň daşarky hereket gullugynyň edara binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýetine bagyşlanan sergi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow hem gatnaşdy. Geçirilen çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň taryhy-medeniýeti bilen tanyşdyrdy. Serginiň dowamynda Türkmenistanyň milli şaý-sepleri, halylary we el işleri görkezildi hem-de sergä gatnaşyjylara türkmen tagamlary hödürlendi.

8. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň umumy işgär sanynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Arkadag şäher prokuraturasy döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetini döretmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň kazyýetleriniň umumy işgär sanynyň hem-de kazylarynyň umumy sanynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýeti döredildi.

9. Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurtda Prezident we parlament saýlawlaryny 14-nji maýda geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Ärdogan: «Saýlawda ilkinji gezek ses berjek ýaşlary mynasyp adamy saýlamaga çagyrýaryn» diýip belledi. Belläp geçsek, Türkiýede Prezident saýlawlary geçirmek 18-nji iýuna bellenipdi.

10. Iki agram derejesinde Irlandiýanyň UFC çempiony Konor MakGregor özüniň sosial sahypasyndaky agzalar üçin türkmen halysyny görkezip täze ýazgysyny ýerleşdirdi. MakGregoryň 2021-nji ýylyň tomsunda geçirilen UFC 264-de amerikaly Dustin Poirierden ýeňilenden soň söweşmändigini bellemek gerek. 34 ýaşly türgen 28 duşuşykda, 22 ýeňiş gazandy we 6 gezek ýeňlişe sezawar boldy.

11. Taryhda ilkinji gezek futbol duşuşygynda ak kart görkezildi. Bu Portugaliýanyň «Benfika» we «Sporting» zenan toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda bolup geçdi. Oýunçylaryň biriniň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşdy. Iki toparyň hem lukmançylyk işgärleriniň topary meýdança çykdy.

Lukmanlar oýunçynyň saglyk ýagdaýyny kadalaşdyrmagy başardylar. Emin olara ak kartoçka görkezdi. Şeýlelikde, emin olara minnetdarlygyny bildirdi. FIFA oýna gatnaşyjylara adalatly oýun üçin minnetdarlyk bildirmegiň usullarynyň biri hökmünde Portugaliýada ak kartoçkalaryň ulanylyşyny synag hökmünde hödürländigini bellemek gerek.

12. Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu ilkinji gezek Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol toparynda çykyş etdi. 37 ýaşly portugaliýaly futbolçy Saud Arabystanynyň çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Al-Nasr» bilen «Al-Ittifak» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda kapitan bolup meýdança girdi. Duşuşyk Ronaldunyň toparynyň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Braziliýaly ýarymgoragçy Anderson Taliska 30-njy minutda topary öňe çykarmagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň