Soňky habarlar

Arhiw

«Euronews» Türkmenistanda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada gepleşikler geçirdi

22:4123.01.2023
0
31953
«Euronews» Türkmenistanda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada gepleşikler geçirdi
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, şeýle hem Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde «Euronews» teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi.

Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew we teleýaýlymyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwian Žan Iw Rože geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar we halkara maglumat giňişliginde uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilen meýilnamalary beýan etdiler.

Taraplar soňky on ýylda Türkmenistanda möhüm wakalary öz içine alýan birnäçe üstünlikli taslamanyň durmuşa geçirilendigini görkezýän netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler diýlip, Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Ýewropa teleýaýlymynyň wekilleri bilelikdäki çäreleri güýçlendirmäge we özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylygy bilen geçirilen gepleşiklerde taraplar bilelikdäki maglumat materiallaryny taýýarlamakda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Türkmenistanda bolup geçýän özgerişlikleri, esasanam halkara we sebit ähmiýetli wakalary görkezmek üçin geljegi uly taslamalara üns berildi.

Myhmanlar Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde döredilen Halkara maglumat merkeziniň wezipeleri we işleri bilen tanyşdylar.

Şu nukdaýnazardan, «Euronews»-iň wekilleri halkara maglumat pudagynda Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin uzak möhletleýin strategiki garaýyşlaryny paýlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň