Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew «Soçiniň» başyndaky ilkinji duşuşygynda uly hasaply ýeňiş gazandy

01:1219.01.2023
0
27416

«Soçi» gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çägindäki ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda Taganrogskiniň «Forte» toparyny uly hasap bilen ýeňdi. Duşuşyk Soçi şäherindäki «Fişt» stadionynda geçirildi. Ol Gurban Berdiýewiň şägirtleriniň 5:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy ― diýip, «Çempionat» ýazýar.

«Soçiniň» gyşky arakesmä 17 duşuşykda toplan 25 utugy bilen ýaryş tertibiniň dokuzynjy basgançagynda girendigini ýatladýarys.

Russiýanyň Premiýer ligasynda möwsüm 3-nji martda dikeldiler. Gurban Berdiýewiň şägirtleri 18-nji tapgyrda SSKA bilen duşuşar. Bu duşuşyk Soçidäki «Fişt» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň