Soňky habarlar

Arhiw

Wise-premýer Ş.Abrahmanowa berk käýinç yglan edildi

22:0613.01.2023
0
32965

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowa berk käýinç yglan edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny wise-premýer Ş.Abdrahmanowa soňky gezek duýdurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň