Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

21:5713.01.2023
0
18163
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, durmuşa geçirilýän çäreler hakynda maglumat berdiler. Şunda ykdysady işiň hukuk esaslaryny, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlaryny berkitmäge ýardam edýän kanunlaryň işlenip taýýarlanylýandygy, hereket edýän hukuk namalarynyň kämilleşdirilýändigi, 11-nji ýanwarda geçirilen Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynda kabul edilen çözgütler, olary ýerine ýetirmek ugrunda ýurduň dürli ulgamlarynda degişli çäreleriň geçirilýändigi, şeýle hem şu ýyl Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görülýändigi, milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmekde, halk häkimiýetliliginiň dabaralanmagynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary, ýurduň sebitlerinde iş saparlarynda bolup, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, dürli kärlerde zähmet çekýän raýatlaryň hal-ýagdaýlary, alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşýandygy, deputatlaryň gatnaşýan çäreleri, şol sanda kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny ilata düşündirmek boýunça geçirýän wagyz-nesihat işleri barada aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 21-nji ýanwarda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde geçiriljek, ýurduň durmuşynda möhüm waka boljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hökümet mejlisinde wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň