Ilat ýazuwy Türkmenistanyň ýaşaýjylary barada özboluşly we takyk maglumatlary almaga mümkinçilik berdi

22:2129.12.2022
0
47535

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Elmira Oweniýazowa Türkmenistanda geçirilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Onuň sözlerini «CentralAsia.news» saýty paýlaşdy.

Oweniýazowanyň pikiriçe, bu waka Türkmenistanyň ýaşaýjylary barada özboluşly we takyk maglumatlary almaga, şeýle hem ýurduň mundan beýläk sosial-ykdysady ösüşi üçin möhüm ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Sungat öwrenijisi täzelenen statistikanyň ilatyň sosial infrastruktura desgalaryna bolan zerurlygyny, ýurdaky medeni desgalaryň — medeniýet öýleriniň, kitaphanalaryň, teatrlaryň, aýdym-saz we bilim merkezleriniň ösüşiniň we döwrebaplaşdyrylmagynyň ähmiýetini seljermäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

E.Oweniýazowanyň bellemegine görä, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralan ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy häzirki zaman tehnologiýalaryny we halkara ýörelgelerini ulanmak arkaly mala aşyryldy. Bu bolsa ilatyň we ýaşaýyş jaý ýazuwynyň geçirilmeginiň deslapky we ahyrky netijeleriniň aýdyňlygyna, ygtybarlylygyna gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň