Soňky habarlar

Arhiw

«ImdatBot» robototehnika bilim merkezi gyşky okuwlara kabul edip başlaýar we okuwlary arzanladyşly hödürleýär

10:0629.12.2022
0
35298

Çagalaryň robototehnika boýunça «ImdatBot» bilim merkezi 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwaryndan nobatdaky gezek okuwlara kabul edilişigiň başlanýandygyny habar berýär. Bu gezekki gyşky okuwlara ýazylan çagalara okuwlary 500 manat arzan okamak mümkinçiligi döredilýär. Okuw sapaklaryna 7 ýaşdan uly bolan häzirki zaman tehnologiýalar bilen gyzyklanýan ýa-da robototehnikanyň usullaryny özleşdirmek isleýän mekdep okuwçylary çagyrylýar. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 41 42 52 и (+993 62) 90 00 69.

Ýeri gelende «ImdatBot» robototehnikasynyň 3 — 10-njy ýanwar aralygynda dowam edýän gyşky öwrediji dynç alyş möwsümine hem çagalaryň kabul edilýändigini belläp geçmek bolar. Oňa hem 7 ýaşdan ýokary bolan çagalar kabul edilip, olar öz aralarynda ýaş aýratynlygyna görä iki topara bölünýärler (7-9 ýaş hem-de 10 we ondan uly ýaşlylar). Bilim merkeziniň bu möwsümine gatnaşmakda häzirlikçe 4 sany boş ýer bardyr. Şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 12) 41 42 52 we (+993 62) 90 00 69. Okuwyň tölegi 900 manat.

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «ImdatBot» bilim merkezi robot satyn alan müşderilere 1000 manat möçberli şahadatnamany sowgat berýär. Bu şahadatnama bilen bolsa «ImdatBot» robototehnika bilim merkezinde okuwlaryň galan töleglerini geçirip bolýar. Aslynda bu robotyň özi-de sowgat ýaly ähmiýete eýe bolup, ol okuwlaryň tölegini üpjün edýän şahadatnamanyň kömegi bilen geljegiň iň möhüm hünärleriniň birini özleşdirip bilersiňiz.

Bu ýerde robototehnika boýunça geçilýän sapaklaryň çäginde mehanikanyň esaslary, konstruirleme, programmirleme ýaly ugurlar hem öwredilýär. Öwrenijiler sapaklarda robotlary taýýarlamaga döredijilikli çemeleşmegi we toparlaýyn görnüşde işlemegi öwrenýärler. Okuwlar tamamlanandan soň, döwlet sylaglary ýaly şahadatnama gowşurylýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň