«ImdatBot» robototehnikany öwrenmäge isleg bildirýän çagalar üçin gyşky okuwlary guraýar

10:0816.12.2022
0
23362

«ImdatBot» çagalaryň robototehnika merkezi Aşgabadyň programmirleme we robototehnika bilen gyzyklanýan mekdep okuwçylaryny Täze ýyl dynç alyş günlerinde robototehnika boýunça geçiriljek gyşky okuwlara gatnaşmaga çagyrýar.

Gyşky dynç alyş okuwlarynda çagalara öwrenmek üçin toplumlaýyn «Scratch» programmirleme dili, «Codey Rockey» we «mBot» robotlary, «LaserBox» lazer enjamyndan peýdalanyp özbaşdak taslamalary taýýarlamak (okuwlar tamamlanandan soň, taslamalary olaryň awtorlary özüne alyp bilerler), Rubigiň kubuny düzmegi öwrenmek we netijeleýin ýaryşa gatnaşmak ýaly sapaklar garaşýar.

Bu okuwlara gatnaşmak çagalar, şeýle-de olaryň ene-atalary üçin robototehnika bilen meşgullanmagyň näderejede ähmiýetlidigine, bu hünäri dowam etdirmek zerurlygynyň nähilidigine düşünmäge ýol açar.

Robototehnika boýunça geçiriljek gyşky gyzyklanma okuwlaryna 7 ýaşdan uly çagalar çagyrylýar. Oňa gatnaşyjylar ýaş aýratynlyklary boýunça 7-9 ýaş, 10 ýaş we ondan ulular diýen ýaly toparlara bölüner. Okuw sapaklary 3 — 10-njy ýanwar aralygynda sagat 9:00-dan 13:00-a çenli geçiriler (Dynç güni 10:00-dan 14:00-a çenli). Sapaklaryň dowamlylygy 45 minut bolup, arakesme wagtlarynda olara gyzgyn çaý we uly bolmadyk nahar hödür ediler. Okuwlar tejribeli mugallymlar tarapyndan gyzyklandyryjy usullar bilen alnyp barylar.

Gyşky gyzyklanma okuwlarynyň tölegi — 900 manat. Has giňişleýin maglumatlary şu telefon belgiler arkaly habarlaşyp alyp bilersiňiz: (+993 12) 41 42 52 we (+993 62) 90 00 69.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň