Soňky habarlar

Arhiw

«ImdatBot» ýaş tehnika söýüjiler üçin adaty bolmadyk sowgady hödürleýär

11:2807.12.2022
0
22718

«ImdatBot» çagalaryň robototehnika merkezi Täze ýyl baýramçylygynyň bosagasynda ene-atalara çagalary üçin täsin we özboluşly sowgat etmek mümkinçiligini teklip edýär.

Şu aýyň ahyryna çenli «ImdatBot» merkezinden robot satyn alan müşderilere çagalaryny bu merkezde robototehnika ugrundan okatmak üçin 1000 manat möçberlik şahadatnama sowgat berilýär.

Sowgat berilýän robot hem-de döwrüň iň bir häzirki zaman hünärlerinden biri bolan — robototehnikany özleşdirmek üçin goşmaça mümkinçilik diňe bir ulanyjy derejesinde däl, eýsem häzirki zaman enjamlary bilen çynlakaý gyzyklanýan, şeýle-de onuň funksionirleniş ýörelgelerine gyzyklanma bildirýän çagalar üçin ajaýyp sowgat bolar. «ImdatBot» merkezinde geçilýän robototehnika okuwlarynda öwreniji ýaşlar mehanikanyň, konstruirlemäniň we programmirlemegiň esaslaryny özleşdirýärler, özleriniň döredijilik ukyplaryny ösdürýärler hem-de bir topar bolup işlemegi öwrenýärler. Okuwçylar ýaş aýratynlygy we okuwyň çylşyrymlylyk derejesi boýunça toparlara bölünýärler, okuwlaryň ahyrynda bolsa olara döwlet nusgasyndaky şahadatnamalar gowşurylýar.

Robot enjamyny sowgat hökmünde almak ýa-da robototehnika boýunça okuwlara ýazylmak üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow şaýoly (ozalky Çehow), 147-nji jaý, «Merdana» binasy. Telefon belgileri: (+993 12) 41 42 52, (+993 62) 90 00 69.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň