Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Towşan ýylynda Täze ýyl saçagynda nämeler bolmaly

11:3205.12.2022
0
44063
Towşan ýylynda Täze ýyl saçagynda nämeler bolmaly
Surat: ru.freepik.com

Turkmenportal baýramçylyk tagamlary üçin birnäçe teklipleri toplady.

Ot iýip ýaşaýan Towşanyň (hytaý senenamasy boýunça) ösümlikleriň ähli görnüşleri göwnünden turar, şonuň üçin işdäaçarlary we esasy naharlary ukrop, ýaş sogan we petruşka bilen bezäň.

2023-nji ýylyň «eýesine» dürli görnüşli kelemlerden edilen işdäaçarlar we tagamlar hem ýarar. Meselem, reňkli kelemden steýk taýýarlap bolar. Taýýar edilen garynda (süýt, goşundylar, un) kelemiň gülüni goşmaly, soňra çörek owuntyklary bilen bulap, saçda iki tarapy hem gyzarýança bişirmeli. Kelem steýkini sous bilen (gaýmak, duz, sarymsak) saçakda goýmak maslahat berilýär.

Surat: zira.uz

Elbetde, towşany käşirsiz göz öňüne getirmek kyn. Baýramçylyk saçagy üçin düzüminde käşir bolan köp sanly tagamlary taýýarlap bolýar. Bu işdäaçar (koreý usulynda taýýarlanan käşir), gyrgyçdan geçirilen käşir goşundyly köke, kotlet we başga-da dürli tagamlar bolup biler.

Käşirden, feta peýnirinden we hurmadan tagamy boýunça tapawutlanýan işdäaçar taýýarlamak bolýar. Munuň üçin käşiri inçe dilimlere bölmeli, soňra ony 15 minutlap sowuk suwda saklamaly. Gapda zeýtun ýagyny, laýmyň şiresini, kinzany, ary balyny we 0,5 çaý çemçesi duzy garmaly, kesilen käşirleri, feta peýnirini, hurmany we biraz badam goşmaly. Olaryň ählisini garyp, işdäaçary tagamyny alýança biraz saklamaly.

Surat: grandkulinar.ru

Towşanyň saçagynda miwelerden, esasan, armyt we alma maslahat berilýär. Hytaýda armydyň uzak ömri alamatlandyrýandygyny, almanyň bolsa baýlygyň nyşanydygyny bellemek gerek.

Etli naharlar barada durup geçsek, towşanyň eti asla bolmaly däldir. Umuman, ünsüňizi adaty tagamlarda jemläň, emma göze ýakymly edip bezemegi unutmaň.

Çeşmeler: zira.uz; grandkulinar.ru; gastronom.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň